Türkmenistanyň biržasy geçen hepdäniň söwdalarynyň netijelerini mälim etdi

11.11.2024, 20:483,342

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda jemi bahasy ABŞ-nyň 1 million 257 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 13-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Türkiýäniň  telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit bitumyny we polipropileni  satyn aldylar.
Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Germaniýanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine boýalan tüýjümek dokma önümleri, buýan kökünden taýýarlanylan çaý içgisi, nah ýüplügi ýerlenildi.
Ýurdumyzyň  işewürleri içerki bazar üçin nah ýüplügini, ýoduň spirtli erginini we pagta süýümini satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 3 million 801 müň manatdan gowrak boldy. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.