Aşgabatda BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili bilen duşuşyk geçirildi

21.11.2024, 09:401,705

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşygynda Türkmenistan bilen Sebit merkeziniň bilelikdäki işleriniň dürli taraplaryna gardy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.

20-nji noýabrda Türkmenistanyň DIM-nde geçirilen duşuşykda şeýle hem hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýynyň esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlarynda görkezilen maksatlaryň durmuşa geçirilmegi barada pikir alşyldy.
Ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerine toplumlaýyn çemeleşmegiň we olaryň çözülmegine Türkmenistanyň goşandynyň ähmiýeti nygtaldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.