“Arsenalyň” rowaýaty oýunçysy Patrik Wieýra A Seriýanyň klubuna tälimçi bellendi

22.11.2024, 10:436,125

Fransuz hünärmeni Patrik Wieýra Italiýanyň “Jenoa” klubunyň baş tälimçisi bellendi. Bu barada klubuň metbugat gullugy habar berdi.

Wieýra ozal “Strasburgda”, “Kristal Pelasda”, “Nissada”, "Nýu-Ýork Sitide” we “Mançester Sitiniň” ätiýaçlyk toparynda tälimçilik edipdi. Futbolçy hökmünde ol Londonyň “Arsenalynda” we “Milanynda”, şeýle hem Fransiýanyň milli ýygyndysynda oýnapdy.
Bu möwsümde “Jenoa” on iki aýlawdan soň, Italiýanyň çempionatynda 10 utuk toplap, 17-nji ýerde durýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.