Samsung Galaxy S25 Ultra resmi çykmazdan ozal 10 sekuntlyk wideoda görkezildi

29.11.2024, 20:2315,306
1 / 2

Amerikanyň Reddit forumynda täze Samsung Galaxy S25 Ultra smartfonynyň daşky görnüşini görkezýän 10 sekuntlyk wideo peýda boldy. Enjam ilkinji gezek işleýän ýagdaýda görkezildi diýip, Sammobile ýazýar.

Ekrandaky suratdan çen tutsaň, smartfon Geekbench-de synagdan geçirilipdir we Qualcomm Snapdragon 8 Elite SoC üçin adaty bolan köp akymly synagda 9400 bal gazanypdyr.
Meşhur Ice Universe insaýderi wideoda hut Galaxy S25 Ultra –nyň görkezilendigini  tassyklady.
Enjamyň daşky görnüşi hem onuň täze hatara degişlidigini tassyklaýar. Galaxy S25 Ultra häzirki Galaxy S24 Ultra modelinden tegelek burçlary we birneme egri gapdal çarçuwasy bilen tapawutlanýar. Wideoda görkezilen smartfon Titanium Gray reňkinde öndürilen.
Täze Samsung Galaxy S25 modelleriniň resmi taýdan ilkinji görkezilişi 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda bolar diýlip garaşylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.