Bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy

30.11.2024, 10:323,498

Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklaýan Karara gol çekdi.

Bellenilişi ýaly, bu resminama Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen kabul edildi.
Öň, 24-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ylýas Akmuhammedowiç Gaýypowa Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi diýen diplomatik derejäni berip, ony Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky (Tähran şäheri) ilçisi wezipesine belledi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.