Samsung Galaxy S25 we S25+ smartfonlary täze 5 reňkde elýeterli bolar: bu nähili belli boldy

05.12.2024, 12:0110,346
1 / 4

Samsung kompaniýasy Galaxy S25 we Galaxy S25+ flagman smartfonlaryny azyndan bäş täze reňkde hödürlemäge taýýarlanýar. Bu maglumat smartfonlaryň SIM kart saklaýjysynyň suratlary arkaly tassyklandy.

Iki modeliň hem bu reňklerde elýeterli bolmagy ähtimal, emma Galaxy S25 Ultra modeliniň has sada dizaýnda we titan çarçuwaly bolmagy mümkindir.
Bu suratlary meşhur bloger Roland Kwandt paýlaşdy. Ozal ol GoPro 9 we Xiaomi Mi 9T ýaly enjamlar barada hem takyk maglumatlar beripdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.