Türkmenistanda dekabr aýynyň aýlyk zähmet haklary 20-sine çenli tölener

07.12.2024, 09:0115,124

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer H.Geldimyradowa eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edara-kärhanalaryň işgärlerine 20-nji dekabra çenli aýlyk zähmet haklarynyň tölenilişine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutany bu ugurda geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat bermegi tabşyrdy diýip, TDH habar berýär.
Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer şeýle hem şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.