Ýewropada DÇ-2026-nyň saýlama tapgyrynyň bije çekişiginiň netijeleri belli boldy

14.12.2024, 13:4210,810
1 / 2

13-nji dekabrda 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň Ýewropa üçin bije çekişigi geçirildi. Milli ýygyndylar 5 sebede bölündi. Birinji sebede Milletler ligasynyň dörtden bir finalyna çykan 8 topar (Horwatiýa, Daniýa, Fransiýa, Germaniýa, Italiýa, Niderlandlar, Portugaliýa we Ispaniýa) we FIFA reýtinginde iň ýokary orunlary eýeleýän ýene 4 topar girdi diýip, Sports.ru habar berýär.

Toparlar 12 toparça bölündi we olaryň her birinde 4-5 ýygyndy bolar. DÇ-2026 üçin göni ýollamany toparçalaryň 12 ýeňijisi alar.
Ýene 4 sany Ýewropa topary çempionata 2026-njy ýylyň mart aýynda geçiriljek pleý-off oýunlary arkaly goşulyp biler. Bu oýunlarda saýlama ýaryşynyň toparlaýyn tapgyrynda ikinji orunlary eýelän 12 topar we göni saýlanmadyk hem-de toparçalaryň finalçylary hökmünde pleý-offa çykmadyk Milletler ligasynyň toparçalarynyň iň gowy dört sany ýeňijisi gatnaşar.
Saýlama ýaryşy 2025-nji ýylyň mart aýyndan noýabr aýy aralygynda geçiriler.

  • A toparça: Milletler ligasynda Germaniýa – Italiýa duşuşygynyň ýeňijisi, Slowakiýa, Demirgazyk Irlandiýa, Lýuksemburg
  • B toparça: Şweýsariýa, Şwesiýa, Sloweniýa, Kosowo
  • C toparça: Portugaliýa – Daniýa duşuşygynda ýeňlen, Gresiýa, Şotlandiýa, Belarus
  • D toparça: Fransiýa – Horwatiýa duşuşygynyň ýeňijisi, Ukraina, Islandiýa, Azerbaýjan
  • E toparça: Ispaniýa – Niderlandlar duşuşygynyň ýeňijisi, Türkiýe, Gruziýa, Bolgariýa
  • F toparça: Portugaliýa – Daniýa duşuşygynyň ýeňijisi, Wengriýa, Irlandiýa, Ermenistan
  • G toparça: Ispaniýa – Niderlandlar duşuşygynda ýeňlen, Polşa, Finlýandiýa, Litwa, Malta
  • toparça: Awstriýa, Rumyniýa, Bosniýa we Gersegowina, Kipr, San Marino
  • toparça: Germaniýa – Italiýa duşuşygynda ýeňlen, Norwegiýa, Ysraýyl, Estoniýa, Moldowa
  • toparça: Belgiýa, Uels, Demirgazyk Makedoniýa, Gazagystan, Lihtenşteýn
  • toparça: Angliýa, Serbiýa, Albaniýa, Latwiýa, Andorra
  • toparça: Fransiýa – Horwatiýa duşuşygynda ýeňlen, Çehiýa, Çernogoriýa, Farer adalary, Gibraltar
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.