Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Şwesiýanyň ilçisi bilen duşuşdy

15.12.2024, 12:152,628

12-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Türkmenistana sapar bilen gelen Şwesiýa Patyşalygynyň ilçisi (oturýan ýeri Stokgolm ş.) Tomas Danestad bilen duşuşdy. Duşuşyk Türkmenistanyň DIM-nde boldy diýip, daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Şwesiýanyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini bellediler.
Şu ýylyň sentýabrynda Stokgolmda geçirilen türkmen-şwed syýasy geňeşmeleriň ähmiýeti barada durup geçmek bilen, diplomatlar bu tejribäni dowam etdirmegiň maksadalaýykdygyny nygtadylar. Iki ýurduň köptaraplaýyn görnüşdäki, hususan-da, BMG-niň we ÝB-niň çäklerindäki özara gatnaşyklarynyň netijelidigi bellenildi.
Duşuşykda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine hem aýratyn üns berildi. Bu babatda taraplar anyk başlangyçlary ara alyp maslahatlaşdylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.