Türkmenistanyň biržasynda geçen hepdede geleşikleriň jemi bahasy 4,1 million dollardan geçdi

17.12.2024, 10:371,528

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Türkiýäniň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen yşyklandyryş kerosinini satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Germaniýanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine buýan köki, jins matasy we nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million 167 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 5 million 86 müň manatdan gowrak bolan portlandsementi, float aýnasyny satyn aldylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.