Mask 400 milliard dollardan soň sanaýmaly günüň içinde 500 milliarda golaýlady

18.12.2024, 18:4613,221

Sişenbe güni NASDAQ biržasynda Teslanyň paýnamalarynyň bahasy 479,86 dollara ýetdi we bir günüň içinde 2,86% ýokarlandy. Kompaniýa soňky birnäçe günüň içinde birnäçe rekord goýdy. Bloomberg-iň habar bermegine görä, onuň ýolbaşçysy Ilon Maskyň baýlygy eýýäm 486 milliard dollar boldy.

"Bu hem bolaýmaly zatdy" -diýip, milliarder X sosial ulgamynda Teslanyň paýnamalarynyň çalt ösýändigi barada teswir ýazdy.

Bir hepde mundan öň, paýnamalar 2022-nji ýylyň awgust aýynda çykarylandan bäri, ilkinji gezek 420 dollardan geçende, Mask: "Welilik bilen çaklanylyşy ýaly boldy" diýip ýazdy. Şonda SpaceX-iň we Teslanyň esaslandyryjysy taryhda umumy baýlygy 400 milliard dollardan geçen ilkinji adam boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.