Okuwçylaryň gyşky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça meýilnamalar taýýarlanyldy

23.12.2024, 09:348,431

Türkmenistanda degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan Täze ýyl baýramyny, mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça meýilnamalar taýýarlanyldy. Bu barada wise-premýer B.Orazdurdyýewa Hökümet mejlisinde hasabat berdi.

2025-nji ýylyň 1 — 10-njy ýanwary aralygynda çagalar baglarynda, umumybilim berýän orta mekdeplerde, medeni-dynç alyş merkezlerinde, seýilgählerde Täze ýyl dabaralaryny geçirmek meýilleşdirilýär. Çagalara niýetlenen sahna oýunlarydyr kinofilmleriň görkezilişleri, ýaşlaryň arasynda döredijilik bäsleşikleri, ýurdumyzyň taryhy-medeni ýerlerine, muzeýlere gezelençler göz öňünde tutulýar. Şeýle hem zehinli çagalara Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçiriler.
Söwda-senagat edarasynda 1 — 10-njy ýanwar aralygynda Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşjak bagtyýar körpelere Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşurylar. Şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan hem-de Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara Täze ýyl sowgatlaryny gowşurmak göz öňünde tutulýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.