Täze ýyl baýramy günlerinde Türkmenistanda awtobuslaryň we taksileriň iş tertibi belli edildi

28.12.2024, 09:3521,785

"Türkmenawtoulaglary" agentligi ilata ýokary hilli ulag hyzmatyny üpjün etmek maksady bilen, Täze ýylyň öňüsyrasynda şäher ugurlary boýunça awtobuslaryň hereket tertibine üýtgetmeleri girizdi.

Täzelenen tertibe laýyklykda,

  • Awtobuslar 2024-nji ýylyň 31-nji dekabrynda sagat 6:00-dan 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda sagat 2:00-a çenli işlär.
  • Taksileriň işi gije-gündiz düzgüninde guralar.
  • Awtobus gatnawlary Aşgabat, Arkadag, Balkanabat, Türkmenbaşy, Daşoguz, Türkmenabat we Mary şäherlerinde doly derejede üpjün ediler.
  • Aşgabat — Gökdepe, Aşgabat — Änew we Gökdepe — Arkadag ugurlary boýunça goşmaça awtobuslar hereket eder.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.