Türkmenistanda 2025-nji ýylyň önümçilik senenamasy neşir edildi: resmi taýdan işlenilmeýän günler

04.01.2025, 17:4310,786

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi 2025-nji ýyl üçin önümçilik senenamasyny çap etdi. Senenama laýyklykda, 2025-nji ýylda Türkmenistanda baýramçylyk we ýatlama günlerine gabat gelýän 12 sany işlenilmeýän gün bolar.

Baýramçylyk we ýatlama günleri:

  • 1-nji ýanwar – Täze ýyl;
  • 8-nji mart – Halkara zenanlar güni;
  • 21-22-nji mart – Milli bahar baýramy;
  • 30-njy mart – Oraza baýramy;
  • 18-nji maý – Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni;
  • 6-7-8-nji iýun – Gurban baýramy;
  • 27-nji sentýabr – Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni;
  • 6-njy oktýabr – Ýatlama güni;
  • 12-nji dekabr – Halkara Bitaraplyk güni.

Bu günlerde kärhanalarda, guramalarda we edaralarda resmi taýdan iş güni däldir. Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 61-nji maddasyna laýyklykda, bu günleriň öň ýanyndaky iş wagty 1 sagat gysgaldylýar.
Türkmenistanyň Zähmet kodeksine laýyklykda, iş wagtlarynyň kadalary bilen şu salgydan doly tanşyp bilersiňiz.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.