Mahaçew UFC-de 2024-nji ýylyň iň gowy sabmişeni üçin baýrak aldy

07.01.2025, 12:2114,830

Ýeňil agramda UFC-niň çempiony Islam Mahaçew özüniň Dastin Porýe bilen söweşindäki demikdiriji usuly üçin UFC tarapyndan “Ýylyň sabmişeni” baýragyny aldy.

Mahaçewiň 35 ýaşly amerikaly söweşiji bilen tutluşygy 2024-nji ýylyň 2-nji iýunynda geçirilen UFC 302 ýaryşynyň esasy söweşi bolupdy. Şol söweşde Mahaçew üçünji gezek çempionlyk guşagyny gorady. Ol ýylyň jemi boýunça agram derejesine garamazdan (P4P) UFC-niň iň gowy söweşijileriniň reýtinginde birinji orny saklady.
Ýatladyp geçsek, Dagystandan 33 ýaşly söweşiji indiki söweşini Arman Sarukýana garşy geçirer. Rewanş 19-njy ýanwarda Los-Anjelesde geçiriljek UFC 311 ýaryşynda bolar. Bu söweşijileriň arasyndaky ilkinji duşuşyk 2019-njy ýylyň aprel aýynda geçip, emin agzalarynyň biragyzdan karar bermegi netijesinde Mahaçewiň ýeňiş gazanmagy bilen tamamlanypdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.