Türkmenistan adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2029-njy ýyla çenli Hereketleriň milli Meýilnamasyny tassyklady

11.01.2025, 13:0612,365

Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2025 – 2029-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasy tassyklanyldy. Degişli resminama metbugatda çap edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara 10-njy ýanwarda gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy. Şu meýilnamanyň çäreleriniň durmuşa geçirilmegi üçin jogapkär edaralara onuň ýerine ýetirilişine yzygiderli gözegçilik etmek tabşyryldy.
Bu resminama 
Türkmenistanda adam hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirmegiň, üpjün etmegiň we goramagyň döwlet ulgamyny pugtalandyrmak, şeýle hem adam hukuklary boýunça ýurdumyzyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek we ynsanperwer ulgamda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, adam söwdasynyň dünýäde iň ýiti wehimleriň biri hasaplanýandygyny nazara alyp, milli derejede onuň öňüni almak bilen bagly işleri üns merkezinde saklamak maksady bilen kabul edildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.