Türkmenistanda geçen hepdäniň birža söwdalarynyň jemi 3,67 mln dollardan geçdi

13.01.2025, 16:342,253

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 674 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 21-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri   “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit ýol bitumyny satyn aldylar. Mundan başga-da, Türkiýäniň, Owganystanyň, Özbegistanyň telekeçileri karbamidi we hlorly natriýni (“Türkmenhimiýa” döwlet konserni) satyn aldylar.
Ýurdumyzyň  işewürleri içerki bazar üçin nah ýüplügini, nah galyndylaryny, şeýle hem  dokma önümçiliginiň galyndylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 82 million 138 müň manatdan gowrak boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.