Türkmenistanyň DIM-nde BMG-Habitat-nyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

22.01.2025, 23:152,021

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Katýa Şeferiň ýolbaşçylygyndaky BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (BMG-Habitat) wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyk 21-nji ýanwarda Türkmenistanyň DIM-nde geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen BMG-Habitat-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we mundan beýläk hem ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlarynyň, esasan hem DÖM 11-iň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Durnukly ösüşiň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibi boýunça ýurduň borçnamalaryna laýyk gelýän we DÖM 11-iň durmuşa geçirilmegi üçin esas bolup hyzmat edýän milli maksatnamalaryň kabul edilmeginiň ähmiýeti bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga we täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.