Türkmenistanyň YHG-nyň ýanyndaky hemişelik wekili ynanç hatlaryny gowşurdy

23.01.2025, 07:532,748

19-njy ýanwarda Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) ýanyndaky hemişelik wekili Ylýas Gaýypow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Asad Majid Hana ynanç hatlaryny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen YHG-nyň arasyndaky köptaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde bilelikdäki çäreleri guramak meselelerine hem aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň YHG-nyň ýanyndaky hemişelik wekili we YHG-nyň Baş sekretary Türkmenistanyň we YHG-nyň konstruktiw hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklap, netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.