Tesla Hytaýda 1,2 million ulagyny, Xiaomi 30 müňden gowrak SU7-sini yzyna çagyrdy

26.01.2025, 23:365,825

Tesla Hytaýda ummasyz kän ulagy yzyna çagyrmaga başlady, çagyryş import modelleri hem öz içine almak bilen, 1 207 728 ulaga degişli boldy. Täzelenme programma üpjünçiligine degişli bolar. Kompaniýa regeneratiw tormoz sazlamalaryndaky we sürüjä habar berişler ulgamyndaky kemçilikleri düzetmeli.

Hytaýyň SAMR düzgünleşdirijisiniň berýän maglumatlaryna görä, bu näsazlyklar ulagy dolandyrmakda ýalňyşlyklara getirip, netijede sürüjiniň tormozyň ýerine gazyň pedalyny tötänleýin basmagyna sebäp bolup biler.
Täzelenme 2019-njy ýylyň ýanwar aýyndan 2023-nji ýylyň aprel aýyna çenli öndürilen Tesla Model S, Model X, Model 3 we Model Y modellerini öz içine alýar. Programma üpjünçiliginiň täze wersiýasyny gurnamak 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda başlar. Ulag eýeleri täzelenmäni uzak aralykdan OTA arkaly ýa-da hyzmat merkezleri bilen habarlaşyp alyp bilerler.
Şol bir wagtyň özünde Xiaomi 30 931 sany SU7 elektrik ulagynyň yzyna çagyrylandygyny habar berdi. Ýaňy-ýakynda awtoulag bazaryna giren kompaniýanyň meselesi awtomatiki duralgadaky näsazlyklar bilen baglanyşykly. Mesele bulut hyzmatynda wagtyň nädogry  sinhronizasiýasy sebäpli ýüze çykýar.
Yza çagyryş 2024-nji ýylyň fewral-noýabr aýlary aralygynda öndürilen ulaglara degişlidir. Kompaniýa mugt täzelenmäni uzak aralykdan amala aşyrar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.