Halaç etrabynyň ýaşaýjylary biometriki pasportlary migrasiýa gullugynyň Kerki etrap bölüminden alyp bilerler

27.01.2025, 11:2218,965

2025-nji ýylyň 1-nji fewralyndan başlap, Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň ýaşaýjylary Türkmenistanyň raýatynyň biometriki maglumatly pasportyny almak üçin Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň Kerki etrap bölümine ýüz tutup bilerler. Bu barada Döwlet migrasiýa gullugy habar berýär.

Watan goragçylarynyň güni mynasybetli ýakynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň Kerki etrap bölüminiň täze döwrebap edara binasy dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi. 
Salgysy: Kerki etrabynyň Kerki şäheriniň Körbaşy köçesiniň 11-nji jaýy
Telefon: 800444 2-05-16

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.