Coca-Cola hloratlar sebäpli Ýewropada öz önümleriniň uly möçberini yzyna gaýtarýar

30.01.2025, 14:487,521

The Coca-Cola Company ägirdiniň golçur kärhanasy bolan "Coca-Cola Europacific Partners Belgium" kompaniýasy Belgiýada, Beýik Britaniýada, Lýuksemburgda, Niderlandlarda, Fransiýada we Germaniýada öz önümlerini yzyna gaýtarýandygyny habar berdi. France-Presse agentliginiň maglumatlaryna görä, munuň sebäbi içgilerde hloratlaryň düzüminiň ýokary bolmagy boldy.

“Bizde anyk san ýok, ýöne görnüşi ýaly, gürrüň uly mukdar barada” – diýip, kompaniýa bu ýagdaýa teswir berýär.

Yzyna gaýtarma Coca-Cola, Sprite, Fanta, Fuze Tea, Minute Maid, Nalu, Royal Bliss we Tropico ýaly brendlere täsir eder. Netijede, 2024-nji ýylyň noýabr aýynyň ahyryndan bäri çykarylan bankadaky we çüýşedäki içgiler yzyna gaýtarylar.
Kompaniýa laýyk gelmeýän önümleriň uly böleginiň eýýäm dükan tekjelerinden aýrylandygyny ýa-da heniz bazara iberilmändigini aýdýar. Häzir kompaniýa galan toplumy doly aýyrmak üçin bu içgileriň satylan ýurtlarynyň häkimiýetleri bilen işleşýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.