Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistanyň daşary işler ministrini kabul etdi

05.02.2025, 04:275,678
1 / 2

4-nji fewralda Astana iş saparynyň dowamynda wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew bilen duşuşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň ähmiýetini belläp, ýurdy Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başlanmagy bilen gutlady.
Prezident Kasym-Jomart Tokaýew ähli ugurlar boýunça  dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we strategiki hyzmatdaşlyga esaslanýan gazak-türkmen gatnaşyklarynyň ösüş derejesine ýokary baha berdi. Şeýle hem Gazagystanyň Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge güýçli goldaw bermegi dowam etdirmäge meýillidigini beýan edildi.
Taraplar iki ýurduň arasynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi barada pikir alyşdylar hem-de energetika we ulag pudagynda ozal gazanylan ylalașyklaryň durmuşa geçirilmeginiň barşyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.