Türkmenistanda hepdäniň ahyrynda howa sowap, ýagyş gatyşykly gar ýagar

05.02.2025, 14:3613,677

Birnäçe günläp dowam eden güneşli howadan soň, Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy hepdäniň ahyrynda ýagyn ýagar diýip çaklaýar.

  • Aşgabatda penşenbe güni hem güneşli howa dowam eder, emma eýýäm anna gününden howanyň bulutlaşyp, az-kem ýagyş gatyşykly garyň ýagmagyna garaşylýar. Şeýle hem arasy bölünmeler bilen duşenbe gününe çenli dowam eder. Dynç günleri howanyň temperaturasy 0…+2 gradusa çenli peseler.
  • Ahal welaýatynda hepdäniň ahyrynda ýagyş we çygly gar görnüşinde ygal düşmek ähtimallygy ýokary. Howanyň temperaturasy –2…+3 gradusa çenli peseler.
  • Balkan welaýatynda bulutly we şemally howa bolup, käbir ýerlerde ýagyş ýagmagy mümkin. Dynç günleri howanyň temperaturasynyň +3 gradusa çenli peseler diýlip çak edilýär.
  • Mary welaýatynda dynç günleri ýagyş gatyşykly garyň ýagmagy mümkin. Termometriň simap sütünleri +2 gradusa çenli düşer.
  • Lebap welaýatynda käbir ýerlerde az wagtlyk ýagyş ýagar. Dynç günleri gar ýagar. Howanyň gündizki temperaturasy –1…+4 gradus, gijeki temperaturasy –5 gradusa barabar bolar.
  • Daşoguz welaýatynda dynç günleri ygal düşmek we howanyň gündizki temperaturasynyň –3 gradusa çenli peselmek ähtimallygy ýokary. Gijelerine –7 gradusa çenli sowuk bolar diýlip çak edilýär.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.