Serdar Berdimuhamedow Rumen Radewi Bolgariýanyň milli baýramy bilen gutlady

03.03.2025, 01:521,963

Prezident Serdar Berdimuhamedow Bolgariýa Respublikasynyň Prezidenti Rumen Radewe ýurduň milli baýramy — Azatlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Rumen Radewe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, işinde uly üstünlikleri, Bolgariýanyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.
Azatlyk güni Bolgariýada her ýyl 3-nji martda bellenilip geçilýär we şol gün resmi taýdan iş güni däl diýlip yglan edilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.