«Маґтимґули Пираґи. Одкровення»: Kiýewde ukrain dilinde neşir edilen goşgular ýygyndysy tanyşdyryldy

04.03.2025, 15:574,530
1 / 2

3-nji martda Kiýewiň Magtymguly adyndaky kitaphanasynda Magtymguly Pyragynyň «Маґтимґули Пираґи. Одкровення» atly ukrain dilinde neşir edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara «Ukraina-Türkmenistan: medeni gatnaşyklary özara baýlaşdyrmak» taslamasynyň çäginde guraldy diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Çärä şahyrlar we ýazyjylar, umumy bilim berýän, aýdym-saz mekdepleriniň we döredijilik sungat birleşikleriniň mugallymlary, wekilleri we okuwçylary, talyplar we türkmen diasporasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Tanyşdyryş dabarasynda Magtymgulynyň döredijilik mirasyny, şeýle-de şahyryň durmuş ýoluny we filosofiki garaýyşlaryny terjime eden we öwrenen ukrain medeni işgärleriniň goşandynyň Türkmenistanda örän uly ähmiýete eýedigi nygtaldy. Olaryň hatarynda Pawel Mowçan we Nikolaý Waskiw Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanyldy.
Magtymguly Pyragynyň ukrain diline terjime edilen goşgular ýygyndysy iki ýurduň halklarynyň arasyndaky medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygynyň beýanydyr.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.