Türkmenistanyň DIM-nde Belarus Respublikasynyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

12.03.2025, 03:072,988
1 / 2

11-nji martda Türkmenistanyň DIM-nde daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Belarus Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçisi Stanislaw Çepurnoý bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-belarus gatnaşyklarynyň ikitaraplaýyn görnüşde, sebitleýin we halkara düzümleriň, hususan-da BMG we GDA-nyň çäklerinde hem netijeliligini kanagatlanma bilen bellediler.
Diplomatlar medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem pugtalandyrmaga iki ýurduň ygrarlylygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, taraplar ylym-bilim, medeniýet we sungat ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.