Serdar Berdimuhamedow Gresiýa täze Prezidentini wezipesine girişmegi bilen gutlady

17.03.2025, 01:212,261

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Konstantinos Tasulasa Gresiýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Konstantinos Tasulasa berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Gresiýa Respublikasynyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.
2025-nji ýylyň 12-nji fewralynda Gresiýanyň Parlamenti Konstantinos Tasulasy ýurduň Prezidenti hökmünde saýlady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.