"Dünýäde ýylyň awtoulagy 2025" baýragynyň finalçylary belli boldy

20.03.2025, 08:238,179

World Car Awards 2025 baýragynyň emin agzalary alty nominasiýada finala çykan ulaglary kesgitledi. Ses berişligiň soňky tapgyry 16-njy aprelde tamamlanar, ýeňiji bolsa New York International Auto Show sergisiniň açylyşynda yglan ediler.

Ses berişlik 30 ýurtdan 96 awtomobil žurnalistiniň gatnaşmagynda geçirildi. Netijeler, adatça, KPMG hünärmenleri tarapyndan hasaplanýar. Jemleýji tapgyra gatnaşyjylar ulaglara hakyky ulanylyş şertlerinde baha berip, gizlin ses bermek arkaly saýlandy.
Her kategoriýada ýeňiş üçin dalaşgärleriň üçlügi:

Ýylyň dünýä awtomobili

  • BMW X3
  • Hyundai Inster/Casper Electric
  • Kia EV3

Ýylyň elektromobili

  • Hyundai Inster / Casper Electric
  • Kia EV3
  • Porsche Macan Electric

Ýylyň kaşaň awtomobili

  • Porsche Macan
  • Porsche Panamera
  • Volvo EX90

Ýylyň sport awtomobili

  • BMW M5
  • Porsche 911 Carrera GTS
  • Porsche Taycan Turbo GT

Ýylyň şäher awtomobili

  • BYD Seagull / Dolphin Mini
  • Hyundai Inster / Casper Electric
  • Mini Cooper Electric

Ýylyň dizaýny

  • Kia EV3
  • Toyota Land Cruiser / Land Cruiser 250
  • Volkswagen ID. Buzz

Premium we sport modelleriniň arasynda Porsche agdyklyk edýär, şol bir wagtyň özünde Hyundai Inster/Casper Electric birbada üç nominasiýada görkezilýär.
Geçen ýyl baş baýragy we ýylyň dünýä awtomobili adyny Kia EV9 aldy. 2023-nji ýylda Hyundai Ioniq 6, ondan bir ýyl öň bolsa Hyundai Ioniq 5 ýeňiji boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.