Serdar Berdimuhamedow Pakistanyň ýolbaşçylaryny ýurduň milli baýramy bilen gutlady

24.03.2025, 08:477,853

Prezident Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarä, Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife we ýurduň ähli halkyna milli baýram — Pakistanyň güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi diýip, TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasynda uzak ýyllaryň dowamynda emele gelen gatnaşyklara ýokary baha berip, dost-doganlygyň, özara hormat goýmagyň baý tejribesine esaslanýan bu gatnaşyklaryň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi.
Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Asif Ali Zardarä hem-de Premýer-ministr Mian Muhammad Şahbaz Şarife tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Pakistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.
1956-njy ýylyň 23-nji martynda Pakistan döwleti Yslam Respublikasy boldy. Şol wagtdan bäri hem, her ýylyň 23-nji martynda Pakistan milli baýramyny - Pakistanyň gününi belläp geçýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.