Türkmenistan Koreýa Respublikasy bilen kiberhowpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk edýär.

11.04.2025, 18:052,733

10-nji aprelinde Aşgabatda Daşary işler ministrliginde kiberhowpsuzlyk boýunça wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň ýanyndaky Döwlet kiberhowpsuzlyk gullugynyň hem-de Koreýa  Respublikasynyň Internet we maglumat howpsuzlygy agentliginiň (KISA) degişli wekilleri gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Onlaýn duşuşyga gatnaşyjylar iki ýurduň arasynda maglumat, kiber we internet howpsuzlygy ugrunda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek boýunça pikir alyşdylar.
Duşuşygyň barşynda Koreýa  Respublikasynyň Internet we maglumat howpsuzlygy agentliginiň wekilleri ýurtda geçirilýän halkara çärelere hem-de türgenleşik okuwlaryna türkmen tarapynyň hem gatnaşmagyna uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar. Taraplar bu ugurda tejribe alyşmagy dowam etdirmegiň zerurdygyny belläp geçdiler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.