Serdar Berdimuhamedow TNGIZT-niň suw üpjünçilik desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça teklibi makullady

19.04.2025, 04:568,121

“Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň suw üpjünçilik desgalaryny we ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Bu barada anna güni Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow Türkmenistanyň Prezidentine hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu işler “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” göz öňünde tutulan wezipelere laýyklykda alnyp barylýar. Munuň özi senagat-önümçilik desgalarynyň üpjünçilik ulgamlaryny has-da kämilleşdirmäge, döwrebap tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga gönükdirilen işleri üstünlikli ýerine ýetirmäge, hususan-da, zawodlar toplumynyň önümçiligi üçin suwuň zerur bolan möçberi bilen bökdençsiz üpjün etmäge mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Serdar Berdimuhamedow Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň suw üpjünçilik desgalaryny we ulgamlaryny döwrebap ýagdaýa getirmek boýunça teklibi makullady hem-de wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.