Galaxy Z Flip FE smartfony Exynos 2500 çipli, 128 GB ýat bilen 699 dollar bahadan çykar

10.06.2025, 13:141,770

Samsung eplenýän Galaxy Z Flip FE smartfonyny çykarmaga taýynlanýar. Günorta Koreýada onuň bahasy takmynan 1 million won bolar, bu takmynan 735 dollara barabar diýip, Koreýanyň Sisajournal neşiri habar berýär.

Bu model ABŞ-yň bazarynda iki görnüşde:  konfigurasiýasyna baglylykda 699 dollardan ýa-da 749 dollardan bahadan peýda bolar diýlip garaşylýar. Esasy wersiýasy 128 GB ýat bilen üpjün ediler, 256 GB görnüşli wersiýasyny çykarmak hem meýilleşdirilýär.
Maglumata görä, Galaxy Z Flip FE geljekki flagman Z Flip7-de bolşy ýaly, Exynos 2500 prosessoryny ulanar. Şol bir wagtyň özünde, Samsungyň başga bir modeli  bolan Galaxy Z Fold7 Snapdragon 8 Gen 3 Elite çipini alar.
Exynos 2500-iň täze nesliň çykjak wagtyna çenli köneljek Snapdragon 8 Gen 3-iň derejesinde öndürijilik görkezendigi bellendi. Bu enjamyň bäsdeşlige ukyplylygy babatda käbir şübheleri döredýär.
Galaxy Z Flip FE-niň resmi taýdan ilkinji görkezilişiniň güýzde bolmagyna garaşylýar. Ol Samsung-yň beýleki eplenýän modelleri bilen bir wagtda hödürlener.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.