Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň wekiliýeti bilen duşuşdy

06.08.2025, 09:286,118

5-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory Artur Erkeniň ýolbaşçylygyndaky Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň (IOM) wekiliýet bilen duşuşdy. Duşuşyk BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynynyň çäginde geçirildi.

Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň wekiliýeti Türkmenistanyň migrasiýa syýasatyny berkitmekde işjeň we konstruktiw pozisiýany eýeleýändigi hem-de ýurdumyzyň düzgünleşdirilýän, howpsuz we kanuny migrasiýany üpjün etmäge ygrarlylygy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Taraplar Türkmenistanyň halkara we sebit düzümleri bilen hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýetini bellediler. BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynynyň geçirilmeginiň ähmiýeti nygtaldy. Onuň dowamynda möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.
Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň IOM-yň taslamalaryna işjeň gatnaşmagy dowam etdirmäge meýilliligi nygtaldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.