ÝUNESKO-nyň ýolbaşçysy wezipesine belli müsürşynas Haled al-Anani saýlandy

06.11.2025, 14:081,657

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) penşenbe güni Haled al-Ananini guramanyň täze baş direktory hökmünde tassyklady.

ÝUNESKO-nyň habarynda aýdylmagyna görä, guramanyň Samarkantda geçirilen 43-nji Baş Konferensiýasynda al-Ananiniň dalaşgärligini 172 ýurt goldady, 2 ýurt garşy ses berdi, 1 ýurt bolsa saklandy.
54 ýaşly Haled al-Anani — müsürşynaslyk boýunça professor, birnäçe ýyllap Kairdäki Heluan uniwersitetinde sapak berdi. Şeýle hem, ol Müsürde hökümet derejesinde syýahatçylyk we gadymy miras işleri ministri wezipesinde işledi.
Al-Anani bu wezipede fransiýaly Odri Azuleni çalyşdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.