Porsche Taycan-yň döredijisi Mercedes-AMG-yň ýolbaşçysy bolar

11.12.2025, 13:355,631

Elektromobil pudagynda hünärmen Ştefan Wekbah Mercedes-AMG bölüminiň täze ýolbaşçysy hökmünde bellendi. Ozal ol Porsche Taycan-y döretmek taslamasyna ýolbaşçylyk edipdi, şeýle-de Cayenne-niň elektrik wersiýasynyň döredilmegine gatnaşdy.

Onuň bellenendigi barada Mercedes-Benz konserni resmi taýdan habar berdi. Mercedes-AMG-da Wekbah öz wezipe borçlaryna indiki ýylyň 1-nji iýulyndan girişer.
Elektrik hereketlendirijiler bilen işlemekde uly tejribesi bolan hünärmeniň çagyrylmagy AMG bölüminiň elektromobil pudagynda işjeň ösüşini görkezýär. Porsche-de Wekbah wise-prezident we elektrokar ugrunyň müdiri wezipelerini eýeläpdi, Mercedes-Benz-e bolsa ol VW AG konserninde strategiýalary işläp düzüji wezipesinden geçýär.
Täze ýolbaşça Top End Vehicles (TEV) hataryny ösdürmek hem tabşyrylar. Ol Mercedes-Benz-iň Maybach, G-Class, şeýle-de çäkli eksklýuziw taslamalar ýaly iň gymmat we abraýly modellerini birleşdirýär.
Wekbah öz wezipesine girişýänçä, AMG-yň ýolbaşçysynyň wezipe borçlaryny häzirki ýolbaşçy Mihael Şibe ýerine ýetirer. Onuň wezipeden gitjekdigi sentýabrda belli bolupdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.