Türkmenistan Aşgabat–Türkmenbaşy demir ýoluny döwrebaplaşdyrmagyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny düzmek üçin potratçy gözleýär

22.01.2026, 06:388,280

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi Aşgabat–Türkmenbaşy demir ýol geçelgesini döwrebaplaşdyrmagyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny (TYE) işläp düzmek üçin halkara açyk bäsleşik yglan etdi. Bu barada «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetinde çap edilen resmi bildirişde aýdylýar.

Yglan edilen tendere TDYUM-001 belgisi berildi. Oňa gatnaşmaga şuňa meňzeş taslamalary durmuşa geçirmekde tejribesi bolan ýöriteleşdirilen kompaniýalar çagyrylýar.
Bäsleşige gatnaşmak isleýänler aşakdaky maglumatlary we resminamalary hödürlemeli:

  • Kompaniýanyň doly ady, guramaçylyk-hukuk görnüşi, ýuridik salgysy we rekwizitleri baradaky arza;
  • Hasaba alnyş we esaslandyryş resminamalarynyň göçürmeleri;
  • Ynanç haty we wekiliň pasportynyň göçürmesi.

Arzalar şu salgy boýunça kabul edilýär: Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 162, 910-njy otag (9-njy gat).
Bäsleşik resminamalarynyň bahasy we töleg hasaby baradaky maglumatlar ýazmaça arza berlende habar berler.
Bäsleşik tekliplerine diňe serişdeler ministrligiň hasabyna gelip gowşandan soň serediler.
Offşor zolagynda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalaryň resminamalary kabul edilmeýär.
Tehniki we täjirçilik teklipleri aýry-aýrylykda tabşyrylmalydyr.
Arzalar bildiriş çap edilen gününden başlap 30 iş gününiň dowamynda kabul edilýär. Resminamalar her gün sagat 9:00-dan 18:00-a çenli kabul edilýär.
Habarlaşmak üçin telefonlar: (+993 12) 39-06-27, 39-06-28.
Elektron poçta: int@railway.gov.tm.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.