Türkiýe, Italiýa we Şwesiýa dünýä çempionatyna gatnaşmak ugrundaky göreşi dowam etdirýär

27.03.2026, 10:399,123

27-nji marta geçilen gije Dünýä çempionaty — 2026-nyň Ýewropada saýlama tapgyrynyň pleý-offunyň 1/2 final oýunlary geçirildi.

Şwesiýanyň ýygyndy topary Ukrainanyň toparyndan üstün çykdy. Oýun 1:3 hasabynda tamamlandy — şwedleriň düzüminde gollaryň üçüsini hem «Arsenalyň» hüjümçisi Wiktor Dýokereş geçirdi.

Beýleki duşuşyklarda Italiýa Demirgazyk Irlandiýany 2:0 hasabynda utdy. Sandro Tonali bir gol we bir assist bilen tapawutlandy.

Türkiýe Stambulda Rumyniýany 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi, ýeke-täk goly Arda Gýuleriň topy geçirmeginden soň Ferdi Kadioglu derwezä girizdi.

Polşa Albaniýadan 2:1 hasabynda üstün çykyp, indi pleý-offuň finalynda Şwesiýa bilen duşuşar. Şeýle-de, ýollanma ugrundaky göreşi Kosowo we Daniýa dowam etdirýär.

Iki duşuşykda ýeňijiler penalti tapgyrynda kesgitlenildi. Uels Bosniýa we Gersegowinadan utuldy, Çehiýanyň ýygyndysy bolsa Irlandiýanyň futbolçylaryndan has takyk boldy.

Oýunlaryň netijeleri:

A ýoly
Italiýa — Demirgazyk Irlandiýa — 2:0
Uels — Bosniýa we Gersegowina — 1:1 (pen. 2:4)

B ýoly
Ukraina — Şwesiýa — 1:3
Polşa — Albaniýa — 2:1

C ýoly
Türkiýe — Rumyniýa — 1:0
Slowakiýa — Kosowo — 3:4

D ýoly
Daniýa — Demirgazyk Makedoniýa — 4:0
Çehiýa — Irlandiýa — 2:2 (pen. 4:3)

2026-njy ýylyň dünýä çempionaty 11-nji iýundan 19-njy iýul aralygynda ABŞ-da, Meksikada we Kanadada geçiriler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.