«KompleMet» markaly dökünler Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär

11.05.2026, 16:105,472
1 / 4

«KompleMet» markasynyň organiki-mineral dökünleri Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär.

Belarusiýanyň «OOO NTP-Sintez» kompaniýasynyň bu önümleri 12–14-nji maý aralygynda Aşgabatda geçiriljek Agro Pack Turkmenistan 2026 we Food Turkmenistan 2026 halkara sergilerinde görkeziler.

«KompleMet» dökünleriözüniň organiki-mineral düzümi bilen tapawutlanýar

Dökün helat mikroelementlerine we tebigy ösüş stimulýatorlaryna baýdyr. Onuň düzümindäki:

  • auksinler kök ulgamynyň ösmegini höweslendirýär, nahallaryň gowy düýp tutmagyna, ösümlikleriň guraklyga çydamly bolmagyna, başga ýere oturdylanynda durnuklylygyny saklmagyna kömek edýär.
  • gibberellinler baldaklaryň we ýapraklaryň ösüşini çaltlandyrýar, tohumlaryň tiz gögermegine ýardam edýär, gülleýşi we miwe emele gelmegini höweslendirýär. Netijede, miweler has uly bolýar, üstesine-de özüne çekiji görnüşe eýe bolýar.

Mundan başga-da bu organiki dökünleriň düzümi B1, B6, B12 witaminlerine, aminokislotalara, adenine we algin turşusyna (polisaharide) baýdyr.

«KompleMet» dökünleri ekinleriň ençeme görnüşi üçin niýetlenendir:

  • pomidor
  • ýeralma
  • şugundyr
  • hyýar
  • baglar we üzümçilikler
  • ýorunja
  • sitrus ekinleri
  • däneli ekinler
  • kösükliler
  • gowaça
  • mekgejöwen
  • güller
  • öý ösümlikleri
  • gazon otlary we beýleki ekinler

«KompleMet» dökünleriniň artykmaçlyklary:

Peýdaly maddalaryň ýokary konsentrasiýasy

Ösümlikler tarapyndan çalt özleşdirilmegi

 Ulanyş üçin amatly suwuk görnüşi

Tygşytly sarp edilişi

Daşky gurşaw üçin howpsuzlygy

Gaplamanyň dürli görnüşleri (200 millilitrden 20 litre çenli)

«KompleMet» dökünleriniň Türkmenistandaky dileri ekerançylara durnukly ösüş, bol hasyl we önümiň ýokary hili üçin döwrebap çözgütleri hödürleýär.

Habarlaşmak üçin:

  • Aşgabat ş., Büzmeýin etraby: +993 65 133346
  • Lebap welaýaty, Türkmenabat ş.: +993 61 719759
  • Mary welaýaty, Mary ş.: +993 61 875659
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.