Hytaýly alymlar ýüpek nano-süýümlerini ulanyp, täze mata döretdiler. Bu mata Gün şöhlesiniň 95%-e çenli bölegini yzyna gaýtarmaga, şeýle hem ultramelewşe şöhleleriniň köp böleginiň özüne siňdirilmeginiň öňüni almaga ukyplydyr. Bu baradaky ylmy açyş Nature Sustainability žurnalynda çap edildi.
Barlaglaryň görkezişine görä, bu matadan tikilen eşikler adaty ýüpek eşiklere garanyňda, güýçli yssy howada adamyň deri temperaturasyny 4,3 gradus Selsiý peseltmäge mümkinçilik berýär.
Taslama Sinhua uniwersitetiniň professory Žan Inýiniň ýolbaşçylygyndaky materialşynaslar topary tarapyndan durmuşa geçirildi.
Alymlar ýüpek sapagynyň gurluşyny üýtgedip, ony ýörite nano-süýümler bilen örüp çykdylar. Bu nano-süýümler «Ferma spiraly» diýlip atlandyrylýan matematik görnüşde ýerleşdirildi. Bu spiral, günebakaryň çigitleriniň tebigy ýerleşişine meňzeşdigi bilen tapawutlanýar.
Nano-süýümleriň towlanyş ölçeglerini we olaryň arasyndaky aralygy takyk kesgitlemek arkaly, ýagtylyk ýokary derejede yzyna gaýtaryldy we ultramelewşe şöhleleriniň siňdirilmesi ep-esli peseldildi. Şol bir wagtyň özünde, täze material adaty ýüpege mahsus bolan suwa durnuklylyk, berklik we ýylylygy daşyna çykaryp, bedeni sowuk saklamak ýaly ähli oňyn häsiýetlerini özünde doly saklap galdy.
Geçirilen synaglar nano-ýüpek matanyň Gün şöhlesi ýiti bolan howada deri temperaturasyny eşiksiz ýagdaýa garanyňda 5–8 gradus, adaty ýüpek matalara garanyňda bolsa 4,3 gradus pes saklap bilýändigini subut etdi