Hytaýda binalar üçin «akylly örtük» döredildi. Ol öýjükli aragatnaşygyň kemçiliklerini düzedýär

Şu gün, 12:33424
1 / 5

Hytaýly alymlar binalar üçin «akylly deri» tehnologiýasyny işläp düzdüler, ol öýjükli aragatnaşygyň pes signally zolaklaryny aradan aýyrmaga we şol bir wagtyň özünde adamlaryň hereketini 10 santimetre çenli takyklykda yzarlamaga mümkinçilik berýär.

Bu barada South China Morning Post neşiri habar berýär.

Täze oýlap tapyşy Nankindäki Günorta-Gündogar uniwersitetiniň hünärmenleri döretdiler. Ol «Distributed Integrated Sensing and Communication Metasurface» (DISACM) diýen ady aldy.

Bu tehnologiýa radiotolkunlaryň yza serpikýän ugruny islegiňe görä üýtgedip bilýän «akylly gatlakdan» ybaratdyr. Munuň netijesinde binalaryň diwarlary, sütünleri we beýleki bölekleri signaly özünden geçirip, ony bütin otaga ýaýradýan we güýçlendirýän «janly tolkun» ýaly işläp başlaýar.

Aragatnaşygyň hilini gowulandyrmakdan başga-da, ulgam radiolokasiýa datçiginiň wezipelerini hem ýerine ýetirýär. Ol kamerany ýa-da ýörite sensorlary ulanmazdan adamlaryň ýerleşýän ýerini anyklaýar we olaryň hereketini hasaba alýar. Işläp düzüjileriň pikirine görä, bu senagat desgalarynda we beýleki ähtimal howply zolaklarda howpsuzlygy ýokarlandyryp biler.

«Akylly şäher» şertlerindäki synaglar wagtynda barlagçylar binanyň daşky diwaryna DISACM-iň on sany modulyny gurnadylar. Işe girizilenden soň, bökdençli zolaklardaky signalyň derejesi 10–20 dB ýokarlandy, simsiz maglumat geçirilişiniň tizligi bolsa 400 Mbit/sekunt görkezijisine ýetdi. Şol bir wagtyň özünde ulgam adamlaryň sanyny hasaplady we olaryň ýöreýiş hereketlerini yzarlady.

Bu oýlap tapyş barada ilkinji gezek, takmynan bir ýyl ozal Nature žurnalynda habar berildi, şu ýylyň ýazynda bolsa bu tehnologiýa Ženewadaky Halkara oýlap tapyşlaryň sergisinde altyn medala mynasyp boldy. Täjirçilik maksatly durmuşa ornaşdyrylmazdan ozal, ulgam standartlaşdyrmadan, uly göwrümli synaglardan we real ulgamlarda işleşiş barlagyndan geçmeli bolar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.