Innowasion we ekologik taýdan arassa ýörelgeler esasynda gurlan Arkadag şäherinde sanly ulgamlary giňeltmek we şäher infrastrukturasyny ösdürmek boýunça işler netijeli dowam etdirilýär.
«Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýylda Arkadag şäheri boýunça göz öňünde tutulan düýpli maýa goýumlaryň umumy möçberi 2 milliard 845 million manada deň bolup, bu serişdeler önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna gönükdiriler. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.
Şäheriň durmuş-ykdysady ösüşinde ulag we aragatnaşyk ulgamy möhüm orun eýeleýär. Şu maksat bilen, gurluşygy iki tapgyrda alnyp barylýan «akylly» şäherde 2026-njy ýylda ekologik taýdan arassa elektrobuslaryň we elektromobilleriň hereketini giňeltmek hem-de awtomobil ulaglary arkaly gatnadylýan ýolagçylaryň sanyny 1 million 120 müň adama ýetirmek meýilleşdirilýär.
Optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň girizilmegi netijesinde, şäheriň ähli edaralarydyr ýaşaýyş jaýlary üçin ýokary tizlikli internet, şeýle-de IP telewideniýe hem-de telefon ulgamlary ýola goýuldy. Şu ýyl esasy telefon belgileriniň sany 7 müň 75 birlige, şol sanda öý telefonlarynyň sany 5 müň 290 birlige ýetiriler. TMCELL öýjükli aragatnaşyk hyzmatlary bilen 4 müň 380 müşderi üpjün ediler. Ýaşaýjylar üçin smartfon arkaly uzakdan dolandyrylýan «akylly» öý hyzmatlary hem elýeterli edildi.
Şu ýyl Arkadag şäherinde dowam edýän gurluşyk işleriniň gerimi-de has artdyrylar. 2026-njy ýylda bu ýerde mekdebe çenli çagalar edaralarynyň sanyny 20-ä, umumybilim berýän mekdepleriň sanyny bolsa 11-e ýetirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle-de uly göwrümli maýa goýumlaryň hasabyna şäherde elektrik ulgamlaryny, täze awtomobil hem-de demirýol menzillerini gurmak meýilleşdirilýär.
Häzirki wagtda bu ýerde 100-den gowrak döwrebap köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň, seýsmiki yrgyldylaryň anyk hasaplamasyny üpjün edýän ýörite seýsmiki stansiýalaryň, şäheriň lukmançylyk klasteriniň birinji tapgyrynyň, çeper halyçylyk kärhanasynyň hem-de Türkmen halysynyň we el işleriniň milli muzeýiniň gurluşygy işjeň ýagdaýda dowam edýär.
«Akylly» şäher konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmegi ýurduň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga we ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.