Türkmenistanda programma üpjünçiligini işläp düzýän, sanly tehnologiýalar we innowasion oýlap tapyşlar bilen meşgullanýan zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olary höweslendirmek maksady bilen «Sanly çözgüt — 2026» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler. Bu baradaky degişli teklip Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet Baştutany tarapyndan makullandy diýip, TDH habar berýär.
Häzirki wagtda bäsleşigi yglan etmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Şu gezekki bäsleşik aşakdaky esasy ugurlar boýunça guralar:
- emeli aň;
- robototehnika we awtomatizasiýa;
- sanly lukmançylyk;
- bilim we elektron okuw;
- «akylly» şäherler;
- «akylly» oba hojalyk tehnologiýalary;
- hyzmatlar ulgamy.
Bäsleşigiň netijeleri «Türkmentel — 2026» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde jemlener. Şeýle-de, bäsleşige hödürlenen iň gowy taslamalary ýurtda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça işlerde giňden ulanmak we milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda önümçilige ornaşdyrmak boýunça degişli işler geçiriler.