«Aeroflot» we «Belawia» Minsk arkaly Türkmenistana bir petek bilen uçuşy ýola goýdy

Şu gün, 18:331,284

Russiýanyň «Aeroflot» awiakompaniýasy Belarusyň «Belawia» awiagatnadyjysy bilen hyzmatdaşlykda Minsk şäheriniň üsti bilen Türkmenbaşy halkara howa menziline uçuş üçin bir umumy petekleriň satuwyna başlady. Bu maksatnama awiakompaniýalaryň arasyndaky interlaýn ylalaşygynyň çäklerinde 2026-njy ýylyň iýulynda işläp başlady.

Bu nähili işleýär?

Uçuş iki tapgyrdan ybarat. Moskwadan Minskä çenli bolan aralygy «Aeroflot», Minskiden Türkmenbaşy şäherine çenli gatnawy bolsa «Belawia» ýerine ýetirýär.

Ugur aýratynlyklary sebäpli, Türkmenistana we yza gaýdyşyn üçin ähli petekler ýüki hem öz içine alýan nyrhlar boýunça satylýar.

Ýolagçylar syýahatyň başlanýan nokadynda diňe bir gezek hasaba alnyp, birbada iki gatnaw üçin hem münüş talonlaryny alýar.

Ýükler iň soňky barmaly nokada çenli resmileşdirilýär. Ýolagçylara ýüklerini alyp, Minskide täzeden tabşyrmak gerek bolmaz, sebäbi ýükleri başga uçara geçirmek işi awtomatik usulda amala aşyrylýar.

Bellik: Häzirki tapgyrda bu bilelikdäki gatnawlar üçin onlaýn-hasaba alyş we internet arkaly goşmaça hyzmatlary saýlamak mümkinçiligi elýeterli däl. Hasaba alyş işlerini gönüden-göni uçuş amala aşyrylýan howa menziliniň degişli zolagynda geçip bolýar.

Uçuşlaryň häzirki wagtda hereket edýän tertibini bilmek, bir umumy petekleri bronlamak we satyn almak üçin «Aeroflot» awiakompaniýasynyň hususy satuw edaralaryna, resmi internet saýtyna ýüz tutup ýa-da mobil goşundysyna girip bilersiňiz.

Ýeri gelende bellesek, bu ylalaşygyň çäklerinde awiagatnadyjylar Türkmenistan bilen bir wagtda Gruziýa (Tbilisi, Kutaisi, Batumi) we Ysraýyla (Tel-Awiw) hem bir umumy petekleri ýola goýdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.