Türkiýe Ýewropa Bileleşigi (ÝB) bilen ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek maksatly, ýewro arkaly töleg ulgamynyň bitewi zolagyna (SEPA) goşulmagy hem-de döwlet satyn almalary baradaky kanunçylyga üýtgetmeler girizmegi meýilleşdirýär. Bu barada ýurduň maliýe ministri Mehmet Şimşek ÝB-niň ykdysadyýet boýunça ýewrokomissary Waldis Dombrowskis bilen geçiren gepleşikleriniň jemleri boýunça habar berdi.
«Biz maliýe integrasiýasy ugrunda möhüm ädim ädim ädýäris. Türkiýe ýewro arkaly töleg ulgamynyň bitewi zolagyna goşulmak isleýändigi baradaky hatyny eýýäm ugratdy. Bu iş bitenden soň, serhetara tölegler iki tarapyň hem kärhanalary we raýatlary üçin has çalt, arzan we howpsuz bolar» diýip, Şimşek X sosial torunda ýazdy.
Ol şeýle hem, häkimiýetleriň Türkiýäniň bazarynda ÝB ýurtlarynyň kompaniýalary üçin deň şertleri üpjün etmek maksady bilen, döwlet satyn almalary hakyndaky kanuna üýtgetmeler taýýarlajakdygyny mälim etdi.
Ministr Türkiýäniň we Ýewropa Bileleşiginiň öňünde umumy wezipeleriň durandygyny belledi, olaryň arasynda bäsdeşlik ukybyny dikeltmek, energetika howpsuzlygyny berkitmek, strategik garaşlylygy azaltmak we innowasiýalary ornaşdyrmak bar.
Onuň aýtmagyna görä, Gümrük bileleşigini döwrebaplaşdyrmak gaýragoýulmasyz ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup galýar. Türk tarapynyň çykaran bahasyndan görnüşi ýaly, bu bileleşigiň täsirini hyzmatlar ulgamyna, oba hojalygyna, döwlet satyn almalaryna we sanly söwda çenli giňeltmek, takmynan 400 milliard ýewro möçberinde goşmaça söwda mümkinçiligini döredip biler.
Mundan başga-da, gepleşikleriň dowamynda Türkiýäniň we ÝB-niň wekilleri geljekki maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin hususy maýany has işjeň çekmegiň zerurlygyny ara alyp maslahatlaşdylar.