Mýunheniň häkimiýetleri aşa yssy howa we ýüze çykan suw serişdeleriniň ýetmezçiligi sebäpli suwy tygşytlamak boýunça çäreleri girizdi. Şäherde suw çüwdürimleriniň käbiri öçüriler, beýlekileriniň bolsa iş wagty gysgaldylar hem-de käbir hojalyk işleri wagtlaýyn togtadylar.
Şäherdäki 150 sany çüwdüriminiň 10-usy dolulygyna öçüriler, ýene 56-synyň bolsa iş wagty 14 sagatdan 10 sagada çenli gysgaldylar. Şeýle hem binalaryň aýnalaryny ýuwmak işleri wagtlaýyn bes ediler.
Mýunheniň häkimi Dominik Krauze suw ýetmezçiligine garşy göreşmek boýunça ýörite işçi toparyň döredilendigini mälim etdi. Onuň sözlerine görä, şäher «1970-nji ýyllardan bäri bolmadyk aýratyn ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy».
Ýaşaýjylara suwuň sarp edilişini azaltmak: awtoulaglary ýuwmakdan saklanmak, mümkin boldugyça wannanyň deregine duşa girmek we çagalaryň basseýnlerini doldurmazlyk maslahat berildi. Häzirki wagtda bu çäreler diňe maslahat beriji häsiýete eýedir. Eger ýagdaý gowulaşmasa, häkimiýetler goşmaça çäklendirmeleriň girizilmegini hem ret etmeýär.
Şu tomusda Fransiýa, Ispaniýa, Italiýa, Beýik Britaniýa we Germaniýa ýaly birnäçe Ýewropa ýurtlary aşa yssy howa bilen ýüzbe-ýüz boldy. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň berýän maglumatlaryna görä, 21-nji iýundan bäri Ýewropada aşa ýokary temperatura bilen baglanyşykly 1,3 müňden gowrak ölüm ýagdaýy hasaba alyndy.