Florensiýada tomus paslyndan soň «Discover» ady bilen Italiýada çagalaryň we ýaşlaryň arasynda sosial torlary aşa ulanmagyň öňüni almaga ýöriteleşdirilen ilkinji merkez açylar.
Taslama ASL Toscana Centro lukmançylyk müdiriýeti, Florensiýanyň häkimligi we Retesviluppo kooperatiwi tarapyndan durmuşa geçirilýär. Onuň esasy wezipesi — ekranlary hem-de sosial torlary aşa ulanmagyň öňüni almak we tehnologiýalara jogapkärçilikli çemeleşmegi ýola goýmakdyr.
Merkezi döretmäge esasy döwtalap bolanlaryň biri Letisiýa Perini:
«Sanly tehnologiýalar ýaş ösdürimleriň gündelik durmuşynyň bir parçasyna öwrüldi. Aslynda bu olar üçin uly mümkinçilikleri-de açýar. Şol sebäpli hem biz ýetginjeklere tehnologiýalardan has akylly-başly peýdalanyp bolýandygyny düşündirmäge, ugrukdyrmaga, internetde geçirýän wagtynyň daşyndan janly aragatnaşyga, sporta, medeniýete we dynç alşa wagt tapmagy üçin kömek etmäge borçludyrys» diýip belledi.
Merkez 10-25 ýaş aralygyndaky ýaşlary kabul eder. Onuň işini alyp barmak mekdeplerde bilim taslamalary bilen on ýyldan gowrak wagt bäri meşgullanyp gelýän Retesviluppo kooperatiwine ynanyldy.
Gelenlere hünär saýlamak boýunça maslahatlar, media sowatlylygy barada gollanmalar we ussatlyk sapaklary beriler. Mundan başga-da, merkez janly aragatnaşygy ösdürmäge gönükdirilen çäreleri, şol sanda stolüsti oýunlary, döredijilik ussahanalaryny we toparlaýyn duşuşyklary hödürlär.
«Discover» merkeziniň açylmagy Ýewropa ýurtlarynyň sanly giňişlikde çagalaryň howpsuzlygy meselelerine bolan ünsüniň güýçlenýän wagtyna gabat geldi.
Az wagt mundan öň Fransiýada 15 ýaşamadyk çagalar üçin sosial torlary düýbünden gadagan etmek hakynda kanun kabul edilipdi. Şeýle-de Ýewrokomissiýanyň hünärmenleri 13 ýaşa ýetmedik çagalaryň sosial torlara girmegini çäklendirilmelidigini öňe sürýärler.