Belgiýadaky aýylganç yssy 2 müňden gowrak adamy heläk etdi: bu görkeziji Ýewropada iň ýokary derejedir

29.07.2026, 10:136,790

Iýun aýynyň ahyrynda Belgiýada bolup geçen adatdan daşary yssynyň döreden heläkçiligi beýleki ýewropa ýurtlarynyň hemmesiniňkiden ýokary boldy. Bu barada EuroMOMO ýewropa gözegçilik ulgamynyň maglumatlaryna salgylanýan Het Nieuwsblad gazeti habar berdi.

Belgiýada temperaturanyň iň ýokary bolan döwründe kadaly ýagdaý bilen deňeşdirilende ölüm sanynyň goşmaça 2 müňden gowrak artandygy bellenildi. Ýurtda artykmaç ölüm derejesi 48% ýokarlandy. Deňeşdirmek üçin аýtsak, bu görkeziji hut şeýle howada Fransiýada +23%, Niderlandlarda bolsa +13% boldy.

Gözlegçiler howanyň maýlamagynyň netijeleriniň deň paýlanmandygyny belleýärler. Olaryň pikiriçe, has garyp sebitleriň ilatynyň aýylganç yssy zerarly çeken jebri mundan-da beterdir.

Lýowen uniwersitetiniň gözlegçisi Gert Molenbergs neşire beren beýanatynda bu hakda aýratyn durup geçdi.

«Meselem, Flandriýa bilen Walloniýanyň arasynda uly tapawut bar. Bu ýerde ýagdaý diňe bir howa däl, eýsem jemgyýetçilik-ykdysaly sebäplerde hem daýanýar. Daş-töweregi bag-bakjaly, özbaşyna howluda ýaşaýan adamyň yssyny duýşy, köplük bolup ýaşalýan dar öýdäki adamlaryň duýşy ýaly däldir» diýýän hünärmen muny ýaşaýyş şertleri bilen düşündirýär.

Şeýle-de bolsa, aýratynlykda alnanda hem Flandriýada artykmaç ölüm derejesi +31% boldy we şunuň özi-de Fransiýanyň we Niderlandlaryň görkezijilerinden ýokarydyr.

«Biz bitertip hem geldi-geçer gurluşyklara-da çemeleşmelerimizi üýtgetmeli» diýip, Molenbergs ýokarda aýdan sözleriniň üstüni ýetirýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.