Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa iş sapary bilen Aşgabada gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň premýer-ministriniň orunbasary Wasil Şaýhraziýew bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.
Taraplar Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belledi, şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini maslahatlaşdy.


Medeni we ruhy gymmatlyklaryň saklanmagyna hem-de ynsanperwer gatnaşyklara aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň dowamynda şu ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Tatar gyzy» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna taýýarlyk görmegiň guramaçylyk meseleleri hem gözden geçirildi.
Gepleşiklerde jemleýji tapgyra taýýarlyk görmegiň esasy ugurlary we bäsleşige gatnaşyjylar üçin zerur şertleri döretmek meseleleri maslahatlaşyldy.

Türkmenistan jemleýji tapgyry kabul etmek hukugyna daşoguzly Alsu Rafikowanyň öňki «Tatar gyzy — 2025» bäsleşiginde ýeňiş gazanmagy netijesinde eýe boldy. Ol «Aý bilbilim» tatar halk aýdymyny ýerine ýetirip, esasy göçme täji, däp bolan milli şaý-sep hasiteni hem-de Lada Granta awtomobilini gazandy.