Türkmenistanda Alžiriň täze ilçisi işe başlady

30.07.2026, 17:051,328

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Boumediene Guennaddan ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada milli parlamentiň metbugat gullugynda habar berildi.

Döwlet Baştutanynyň adyndan Mejlisiň Başlygy diplomaty wezipä bellenmegi bilen gutlady we iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi Türkmenistanyň Prezidentine Alžiriň Prezidenti Abdelmajid Tebbunyň salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi, şeýle hem mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda diplomat Türkmenistanyň içki we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Mejlisiň milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça işi, şeýle hem ýurduň parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi berkitmek babatyndaky halkara başlangyçlary bilen tanyşdyryldy.

Taraplar syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we parlament ugurlarynda özara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň wajyplygyny nygtady. Kanun çykaryjylyk işi babatda tejribe alyşmagyň hem-de iki döwletiň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmegiň mümkinçilikleri aýratyn bellenildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.